Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi. Forum köpçülikleýin howpsuzlyk we saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşi meselelerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin bitewi platformany döretmegi maksat edinýär.Çärede Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ermenistanyň degişli edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda esasy üns köpçülikleýin howpsuzlyk, saglygy goraýşyň ösmegi, tejribe alyşmak we lukmançylyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak meselelerine gönükdirildi.Çärede çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Dialogyň ýurt üçin aýratyn döwürde – Arkalaşykda saglyk ýyly diýlip yglan edilen Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa, durnukly ösüşiň, sosial durnuklylygyň we döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň esasy hökmünde jemgyýetçilik saglygyny pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň strategik ileri tutýan ugrydygyny görkezýär.Şeýle hem gatnaşyjylar sebitleýin dialogyň Aşgabatda geçirilmeginiň simwoliki ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we sebitiň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda BSGG bilen işjeň gatnaşygy yzygiderli goldaýandygyny nygtadylar.Pikir alyşmalaryň dowamynda bu formatyň GDA ýurtlarynyň, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň we beýleki halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy döretmek, tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly platforma döretjekdigi bellenildi.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy