Habarlar / Habarlar
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleşik okuw merkezini açdy

“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy çarşenbe güni Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türgenleşik okuw merkezini açyp ulanmaga berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň G. Saparow köçesiniň 36-nji jaýynda ýerleşýän bu okuw merkezi nebit we gaz, gaz himiýa gurluşygy, energetika we himiýa senagatlary üçin Bilim ministrligi şeýle hem halkara OPITO, IPSQA we ISO tarapyndan tassyklanan howpsuzlyk we tehniki Türgenleşik okuw merkezi bolup durýar.

Türgenleşik okuw merkezi halkara gurmalar tarapyndan tassyklanylan aşakda görkezilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

  1. H2S (wodorod sulfidi) zäherli gazynyň ýaýramagynda hereket etmegiň okuw-türgenleşigi;
  2. Nebit-gazy gaýtadan işlemekde we onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde ýapyk ýerlere girilişiniň howpsuz usullary boýunça okuw-türgenleşik okuwy;
  3. Ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we ýürek uruşyny kadalaşdyrmak boýunça okuw-türgenleşigi;
  4. Nebit-gazy gaýtadan işlemek, onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde belentlikde işlemek, şeýle hem halas ediş boýunça okuw-türgenleşik okuwy;
  5. Nebit-gazy gaýtadan işlemäge, önümçilige, gurluşyk işlerine zyýan bermezden gözden geçiriş boýunça 2-nji derejeli okuw.

“Howpsuz işle we tehniki taýdan kämilleş” atly şygar merkeziň esasy ýörelgesi bolup, ol bilimde kämilligi, amaly taýýarlygy we halkara ülňülere laýyk gelýän howpsuzlyk medeniýetini ösdürmek arkaly pudagyň durnukly ösüşine goşant goşmak maksady bilen döredildi.

Okuw merkeziniň esasy maksady hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan we nebit-gaz pudagynyň geljekki ösüşini goldamakdan ybaratdyr.

Türgenleşik okuw merkezi bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgiler:

+99371182111

+99324362828

Elektron salgysy:

info@technologyhouse.net

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy