Habarlar / Habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin tagallalary birleşdirýär

19-njy iýunda Daşkentde Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň, Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) bilelikde guramagynda «Merkezi Aziýada arassa howa bilen geljegi gurmak» şygary astynda ilkinji ýokary derejeli syýasy sebitleýin gepleşik geçirildi.

Sebitleýin gepleşige Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dürli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu çärä Aziýadan we Ýewropadan howanyň hilini dolandyrmak boýunça öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdy.

Çäräniň maksady sebitdäki ýurtlaryň arasynda utgaşdyrylan çäreleri öňe sürmek we howanyň hapalanmagynyň öňüni almak ugrunda bilimleri alyşmakdan ybarat boldy.

«Özbegistan hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary ýaly howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar we biz bu meseläniň gyssagly hem täsirli çäreleri talap edýändigine düşünýäris. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň möhümdigini bilýäris, sebäbi daşky gurşaw meseleleriniň serhedi ýok. Bu çäräniň bilim alyşmak, geljegi uly çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak we ýurtlarymyzdaky howanyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri işläp düzmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanýaryn» — diýip, Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministriniň orunbasary Jusipbek Kazbekow aýtdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy