Habarlar / Habarlar
BAE Türkmenistan bilen özara söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmakçy

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli ýurdunyň Garaşsyzlygynyň 54 ýyllygyna bagyşlap “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.

2024-nji ýylda iki ýurduň arasynda (nebit söwdasy hasaba alynmazdan) söwda dolanyşygynyň möçberi 1,759 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 75 göterim ýokarydyr.

2025-nji ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistan BAE-niň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji orunda durýar.

Diplomatyň bellemegine görä, şu ýylyň dowamynda ilçihana iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, aýratyn-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösýär, munuň mysaly hökmünde şu ýylyň maý aýynda XRG “Türkmennebit” döwlet konserni, “Hazarnebit” döwlet kärhanasy we PETRONAS kompaniýasy bilen Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 1-nji blogunda Önümi paýlaşmak baradaky baglaşylan ylalaşygy görkezmek bolar diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem XRG, Petronasyň kompaniýalaryň we “Türkmengaz” döwlet konserniň arasynda gazy uzak möhletleýin satmak boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

Ulag pudagynda “Etihad Railway” bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Oktýabr aýynda Şarjanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ikinji Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi. Ol ýerde iki ýurduň işewürleri we söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Abu-Dabiniň Milli Nebit Kompaniýasy (ADNOC) Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze edarasyny açdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy