Habarlar / Habarlar
Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy iş we dynç alyş günleriniň görkezilmegi bilen neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.

Geljek ýyl üçin iş hepdesiniň tertibi aşakdaky ýaly kesgitlenýär:

  • Bäş günlük - 40 sagat;
  • Alty günlük (her gün 7 sagat) - 40 sagat;
  • Alty günlük (her gün 6 sagat) - 36 sagat.

Dynç alyş we baýramçylyk günleri:

  • 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy;
  • 8-nji mart - Halkara zenanlar güni;
  • 20-nji mart - Oraza baýramy;
  • 21–22-nji mart - Milli bahar baýramy;
  • 18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
  • 27–29-njy maý - Gurban baýramy. 
  • 27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr - Hatyra güni;
  • 12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni;

Baýramlaryň öňündäki günüň iş wagty 1 sagat ir tamamlanylýar. Gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygy 1 sagat gysgadyrylýar, yzygiderli önümçilik işlerinde gündizki iş wagty bilen deňleşdirilýär.

Aýlyk ortaça iş wagty:

  • 40 sagatlyk iş hepdesi üçin - 166,9 sagat;
  • 36 sagatlyk iş hepdesi üçin - 150,5 sagat.

Iş öndürijilik senenamasy - her aý we ýyl üçin iş, dynç alyş we baýramçylyk günleriniň resmi sanawyny görkezýän resminama bolup, baýramdan öňki gysgaldylan günleri hem öz içine alýar. Ol kärhanalarda iş meýilnamasyny düzmek, aýlyk haklaryny, dynç alyş we önümçilik senenamalary üçin ulanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy