Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda täze we modifisirlenen polimer manatlar dolanyşyga girizilýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, 1-nji dekabrdan ýurduň Merkezi banky modifisirlenen 1, 5, 10 manatlyk polimer banknotlary, şeýle hem ilkinji gezek täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.

Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, täze görnüşdäki pullaryň esasy aýratynlygy — hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Banknotlaryň gorag elementleri güýçlendirilip, hakykylygyny anyklamaga mümkinçilik berýän şekiller hem kämilleşdirildi.

1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekilleri üýtgewsiz galýar, diňe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany goşuldy.

Täze 200 manatlyk banknotda öň tarapynda “Arkadag” binasy, arka tarapynda Arkadag şäher häkimliginiň binasy ýerleşýär. Täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

Bu banknotlar Türkmenistanyň çäginde ähli edara-kärhanalar tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmelidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy