Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti Transhazar ulag geçelgesi boýunça maýadarlar forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Daşkentde Transhazar ulag geçelgesi we oňa degişli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän maýadarlar forumyna gatnaşýar. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Forumyň çäginde Transhazar ugryny giňeltmegiň mümkinçilikleri we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Çäre Ýewropa Bileleşiginiň, Gara deňiz sebitiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlär, we transport ulgamyndaky esasy ugurlar boýunça dialoglary geçirmekde esasy platforma bolup hyzmat eder.Forum häzirki zaman transport-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekde täze geçelgeleri döretmäge gönükdirilendir.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda peýdalanylýar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy