Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Gazagystan gök önümleriň we miweleriň eksport-import mümkinçiliklerini giňeltmekçi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangarin bilen duşuşdy. Duşuşykda “ýaşyl geçelgäniň” çäginde gök önümleriň we miweleriň iberilişiniň giňeldilmegini maslahatlaşyldylar. Bu barada sişenbe güni Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Serik Žumangarin Gazagystanyň Türkmenistana bugdaý ununy, günebakar ýagyny, bugdaýy, makaron önümlerini, margarin we çaý konsentratlaryny ibermegini dowam etdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, eksporty giňeltmegi teklip etdi we onuň içine mekgejöwen, merjimek, nohut, soýa nohutlary, şeker we beýleki azyk harytlaryny goşmagy teklip etdi.

Türkmenistan tebigy gazdan başga-da Gazagystana gök önümlerini we miweleri iberýär. Şu ýyl pomidoryň importy 30 müň tonnadan geçdi. Bu bolsa pomidoryň Türkmenistandan iberilýän harytlaryň arasynda mukdary boýunça ikinji orny eýeleýändigini görkezýär diýip, Serik Žumangarin belledi.

Duşuşygyň dowamynda logistika ulgamyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hojamyrat Geldimyradow Hyrat bilen serhetde gurulýan gury ýer porty barada maglumat berdi we Gazagystany bu taslama gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan üstaşyr ugrunyň, şol sanda Hyrat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda, ulag we logistika gatnaşyklaryny giňeltmegi hem-de işewürlige goşmaça ýeňillikleri döretmegi dowam etdirmägä ygrarlydyklaryny bellediler.

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda oba-hojalyk önümleriniň söwdasy 103 million ABŞ dollaryna ýetdi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5% ýokarlandy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy