Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi. Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklanyldy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberinde tassyklanyldy.

Umumydöwlet salgytlaryndan şäherleriň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2026-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellenildi: Aşgabat üçin — 5–6%, Arkadag üçin — 100%-e çenli, Ahal welaýaty üçin — 96–97%-e çenli, Balkan welaýaty üçin — 24–25%, Daşoguz we Lebap welaýatlary üçin — 100%, Mary welaýaty üçin bolsa — 80–81%.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goragly maddalary hökmünde kesgitlenýär. Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda, onuň maliýeleşdirilişi döwletiň karz serişdelerinden ýa-da degişli kanunçylyga laýyklykda býujetiň galyndy serişdelerinden üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyryldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem tassyklandy. Geçen ýyl Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 130 120 191,1 müň manat we çykdajylar boýunça 128 145 129,5 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklandy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy