Habarlar / Habarlar
Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellendi

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.

Maslahata Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, Parlamentiniň, ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, Tbiliside akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Gruzin milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, hususy kompaniýalaryň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow maslahaty açyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini nygtady. Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýä proseslerinde işjeň, netijeli we dostlukly özara gatnaşyklaryň mysaly bolup, bu halkara hukuk derejesi durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň köprüsi bolup hyzmat edýär. Ol BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen «parahatçylykly ýaşaşmak» ýörelgesiniň amaly taýdan durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Ilçi şu ýyl BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň hem baýram edilýändigini sözüniň üstüne goşdy. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky taryhy özara baglanyşygy ýüze çykarýar. Garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik işinde baý tejribe toplan Türkmenistan BMG-niň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Ýurduň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça başlangyçlary halkara bileleşigiň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we ýurduň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýandygyny hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny belledi. Ol Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öňden gelýän pugta hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda guralýandygyny aýratyn nygtap, onuň syýasy, ykdysady, ulag, energetika, medeniýet, bilim, sport ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, bilelikdäki tagallalar, şol sanda ýokary derejeli saparlar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory akademik D.Gurgenidze öz gezeginde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýandygyny we akademiki hem-de hünär gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin wajyp gural bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygy alan wagtyndan bäri bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermekde netijeli gural bolup durýandygyny subut edendigi bellenildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty, öňe sürülýän halkara başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmän, eýsem, tutuş sebitiň drunukly we yzygiderli ösüşini şertlendirýär, halklaryň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy ýola goýmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Çäre türkmen sazandalarynyň gatnaşmagynda guralan konsert bilen jemlendi, şeýle-de myhmanlara hödür-kerem edildi, şol sanda türkmen tagamlary hödür edildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy