Habarlar / Habarlar
Türkmenistan ilkinji milli gury ýük gämisini suwa goýberdi

Hazar kenaryna eýe bolan Türkmenistan milli gämigurluşyk taryhynda täze sahypa açýar. «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde (Awaza milli syýahatçylyk zolagy) ilkinji milli gury ýük gämisi – «Gadamly» suwa goýberildi.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan gämi, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna zähmet sowgady boldy.

Ýük göterijiligi 6100 tonna we uzynlygy 123 metr bolan «Gadamly» gury ýük gämisi halkara tehniki-ulanyş ülňülerine doly laýyk gelýär. «Balkan» zawodynyň baş inženeriniň orunbasary Eziz Matdyýewiň habar bermegine görä, gämi 240-a çenli ýük konteýnerini daşamaga we dört güne çenli awtonom görnüşde işlemäge ukyply. Ol häzirki zaman nawigasiýa we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, onuň ekipažy bolsa 14 sany ýokary hünärli hünärmenden ybarat.

«Häzirki zaman, kuwwatly gury ýük gämisi, başlangyjynda ata-babalarymyzyň duran milli gämigurluşyk taryhynda täze sahypa açýar» diýip, Balkan welaýatyndan mugallym Arazgeldi Gurbannyýazow gadymy türkmenleriň taýmyl we dommal ýaly ýüzüş serişdeleri, şeýle hem 1936-njy ýylda balykçylaryň Krasnowodskiden Moskwa taýmunlarda geçen rowaýata öwrülen ýörişi barada ýatlatdy.

«Gadamlynyň» suwa goýberilmegi, eýýäm täze tankerler, paromlar we ýolagçy gämileri bilen üsti ýetirilen häzirki zaman deňiz söwda flotuny döretmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aňladýar.

Häzirki wagtda «Balkan» zawodynda «Gadamly» gämisinde işe girizmek-sazlamak işleri tamamlanýar. Şol bir wagtyň özünde Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan ikinji şeýle gury ýük gämisiniň gurluşygy dowam edýär.

Ilkinji milli gury ýük gämisi «Gadamly», Türkmenistanyň milli ösüşini we halkara hyzmatdaşlygyny alamatlandyryp, «dostluk gämisi» diýlip atlandyryldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy