Habarlar / Habarlar
Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Hazar deňzi bilen serhetleşýän ýurtlaryň hazarýaka sebitleriniň häkimleriniň ilkinji forumy 18-nji noýabrda Eýranyň Reşt şäherinde öz işine başlady. Çäre “Hazar — dostlugyň we sebitleýin ösüşiň köprüsi” şygary astynda geçýär. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.

Eýran başlangyjy bilen geçirilýän bu foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň wekiliýetleri gatnaşýar.

Forumyň iş maksatnamasy üç esasy paneli öz içine alýar:  Ykdysady hyzmatdaşlyk – maýa goýumlar, söwda, oba hojalygynda hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk; Ulag we tranzit – “Demirgazyk–Günorta” halkara geçelgesini ösdürmek, deňiz we demir ýol gatnaşyklaryny giňeltmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek; Daşky gurşawy goramak – Hazaryň ekoulgamyny dikeltmek, suw-batgalyk meýdanlaryny gorap saklamak, balykçylyk pudagyny durnukly dolandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti öňe sürmek.

Çäräniň açylyş dabarasynda Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi çykyş edip, çykyşynyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň indiki aý Gazagystana we Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparlary barada maglumat berdi.

Hazarýaka häkimleriň birinji forumy 2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda öz işini tamamlar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy