Habarlar / Habarlar
Türkmenistan “Gastech 2025”-de energetika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan Italiýanyň Milan şäherinde 9–12-nji sentýabr aralygynda geçirilen dünýäniň iň iri sergileriniň we maslahatlardan biri bolan “Gastech 2025”-de tebigy gaz ulgamyndaky mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrdy. Bu barada “Türkmen Energiýa Forumy” (TEF) habar berýär.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň dünýäde iri gaz gorlaryna eýedigi mowzuklaryň arasynda aýratyn bellenildi we şol sanda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň ähmiýeti öňe sürüldi. Şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen Aziýanyň çalt ösýän bazarlaryna täze ýol açýandygy nygtaldy. Mundan başga-da Hazar deňzinde we nebiti gaýtadan işleýiş pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, emeli aň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak we ekologiýa taýdan möhüm çäre hökmünde metan zyňyndylaryny azaltmak hem ýurduň öňdäki maksatlarynyň hatarynda görkezildi.

“Gastech 2025”-iň esasy mowzugy — tebigy gazyň geljegi boldy. Dünýäniň 150 ýurdundan 50 müňden gowrak hünärmeni energiýa geçişinde gazyň orny, pudagyň innowasiýa we arassa tehnologiýalara bolan ymtylyşy barada pikir alyşdy.

Maslahatda energetika pudagynyň ýolbaşçylary tebigy gazyň häzirki wagtda hem dünýä energiýa ulgamynyň iň möhüm baýlyklarynyň biri bolup galýandygyny, onuň elýeterliligi we ygtybarlylygy aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Geçirilen duşuşyklarda “Chevron” kompaniýasy bazara bolan uzakmöhletleýin ynamyny beýan etdi, “Cheniere Energy” hem-de ADNOC geljekki 20 ýylyň dowamynda ösüşiň güýçlenjekdigini çaklaýarlar. Şol bir wagtda-da, “Baker Hughes” täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine hem-de suwuklandyrylan gaz boýunça gazanylan rekord şertnamalaryň halkara energetika bazarynda täze sahypa açýandygyna aýratyn üns çekdi.

Esasy isleg Aziýa bazarynda jemlenýär. Şeýle-de bolsa, täze mümkinçilikleriň Ýewropada, Afrikada we Ýakyn Gündogarda hem açylýandygy bellenilýär.

Türkmen Energiýa Forumy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny Aşgabatda 22–24-nji oktýabrda geçiriljek ýokary derejeli “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025" atly 30-njy halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Häzirki wagta çenli “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025" maslahatynda 40 döwletiň 300-e golaý wekili gatnaşjakdygy tassyklandy. Sergi meýdançasydaky ýerleriň öňünden dolulygyna bellenillmegi bu çäräniň dünýäde energetika pudagyna bolan uly gyzyklanmany görkezýär. Maslahatyň gün tertibinde iri taslamalar, maýa goýum mümkinçilikleri we innowasion çözgütler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar meýilleşdirilýär.

Jemgyýet Aşgabatda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy...
Jemgyýet Aşgabatda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 mi...
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 milliard manada golaýlady
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklary...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklaryny hem-de awtoulaglary gowşurdy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” a...
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly medal bilen sylaglandy
BMG Türkmenistanyň global dialogy öňe sürmekdäki liderligine ýokary baha ...
BMG Türkmenistanyň global dialogy öňe sürmekdäki liderligine ýokary baha berdi
Ykdysadyýet Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär...
Ykdysadyýet Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz por...
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz portuna getirdi
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy...
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy
Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy
Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy
Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy