Habarlar / Habarlar
Aşgabatda “Kids Expo 2025” halkara sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  “Turkmen Expo” kompaniýasy bilen bilelikde gurnan “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy penşenbe güni öz işine başlady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder.” – diýip, Döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Çäre 20-den gowrak ýurtdan çaga harytlaryny we bilim tehnologiýalary öndürijiler hem-de çagalar üçin dynç alyş güýmenje hyzmatlary bilen üpjün edijiler gatnaşýarlar. Serginiň esasy maksady — işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we kompaniýalaryň sebit bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. 

“Kids Expo 2025” sergisi giň gerimli şowhunly we bilim maksatly çäreleri hödürleýär. Sergi meýdançasy mowzukly zolaklara bölünip, bu ýerde robot ýaryşlary we programmirleme boýunça wiktorinalar, wirtual hakykat tehnologiýalary bilen görkezilýän ylmy taslamalar, liderlik we terbiýe sapaklary bilen kitap ýarmarkasy, şeýle hem keramika we eşik dizaýny boýunça döredijilik ussatlyk sapaklary geçirilýär.

 “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy 2025-nji ýylyň 23-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde dowam eder.

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi