Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri Pakistandaky “Karachi Expo” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 23–25-nji oktýabr aralygynda Pakistan döwletiniň Karaçi şäherindäki “Karachi Expo Center” sergi merkezinde geçiriljek 22-nji halkara “Health API Asia 2025” sergisine, şeýle hem onuň çäklerindäki “Pharma API Asia” we “Pharma Lab Equipment” ýaly ugurdaş çärelerine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

“Health Asia” sergisi Pakistan bazaryndaky iň uly lukmançylyk sergisidir. Ol pudagyň ýokary ýolbaşçylaryny, tejribeli öndürijileri, üpjün edijileri we saglygy goraýyşa ýöriteleşen hünärmenleri bir ýere jemleýär. Çäre bu ugurda tejribe alyşmaga, önümleri tanyşdyrmaga hem-de işewür gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.

Ekspozosiýa lukmançylyk we hirurgiýa enjamlary, sarp ediş serişdeleri, hassahana enjamlary, stomatologiýa gurallary, taýýar derman önümleri, lukmançylyk edaralar üçin mebelleri we laboratoriýa enjamlary ýaly birnäçe ugurlara bölünýär.

Mundan başga-da, forumyň çäklrinde hassahana ýolbaşçylary, lukmaçylyk okuw mekdepleriniň wekilleri we saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary üçin ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary