Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda resmi düzümler üçin işgär taýýarlamak boýunça okuw geçirildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, gümrük, migrasiýa, weterinariýa we fitosanitar edaralarynyň işgärlerini taýýarlamaga jogapkär mugallymlardyr işgärler üçin häzirki zaman okuw usullary boýunça okuw gurady.

Okuwy Merkezi Aziýada serhet dolandyrylyşyna kömek maksatnamasynyň bilermeni, bilim işleri boýunça taslamalary taýýarlamak we dolandyrmak boýunça geňeşçi Ýuliýa Kazakowa geçirdi.

Okuwa gatnaşanlar diňleýjileri höweslendirme terzini-de goşmak bilen häzirki zaman okuw usullaryny öwrendiler. Diňleýjileriň maslahat görnüşinde öz ussatlyk sapaklaryny geçirmekleri bu okuwyň esasy ugry boldy, çünki olar okuwda alan bilimlerini bu sapaklarda iş ýüzünde ulandylar.

Çäre, degişli bölümlerde işgärlerini taýýarlamak üçin jogapkär hünärmenleriň hünär ussatlygynyň ýokarlanmagyna goşant goşdy we serhet dolandyryşy boýunça milli okuw ulgamyny kämilleşdirmek üçin möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy