Habarlar / Habarlar
Minsk şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň “Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi” döwlet edarasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň başynda “Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezi” döwlet edarasynyň müdiri L.Kondraşowa ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Soňra Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew çärä gatnaşyjylara bitarap Türkmenistanyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi.

290525-14.jpg

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeniýeti, sungaty we tebigaty barada gürrüň berýän surat sergisi guraldy hem-de ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny, özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän wideo şekiller görkezildi.

Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary ajaýyp aýdymlary we “Küştdepdi” halk tansyny öz içine alan konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Döwlet edarasynyň müdiri L.Kondraşowa 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyna gatnaşandygyny hoşallyk bilen ýatlady.

Çäräniň ahyrynda, Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara Ilçihana tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi