Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Belarus üçin plastik önümleriň öndürilýän meýdançasy bolup biler

Belarus kompaniýalary plastmassa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary Türkmenistanda durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär. Bu ugurda press-formalaryň belarus tarapyndan üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar diýip, Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölümi Aşgabada bolan işewürlik saparynyň jemleri boýunça habar berýär. 

Buýurmalaryň taslamalary Aşgabatda 24-25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” sergisiniň çäklerinde türkmen öndürijileriniň belarus senagat birleşikleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyç önümçilik hyzmatdaşlygy berkitmäge we iki ýurduň arasynda tehnologiýalary alyşmaga gönükdirilendir. 

Wekiliýetiň düzümine Belarusyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän bäş kärhanasynyň wekilleri girdi. Saparyň maksatnamasy ady agzalan sergä gatnaşmagy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri öz içine aldy. 

Saparynyň çäklerinde belarus wekiliýeti Aşgabat şäherindäki ugurdaş kärhanalarda bolup, olardaky tehniki mümkinçilikler bilen tanyşdylar hem-de mümkin bolan hyzmatdaşlygyň şertlerini maslahatlaşdylar. 

Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýola goýlan şahsy gatnaşyklar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Iki tarap hem özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Belarus we türkmen kärhanalary şeýle hem Belarusa polipropilendan dokalan rulonly matany ibermek hakynda şertnamalary baglaşmak boýunça ylalaşdylar. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi