Habarlar / Habarlar
Iýun aýynda Türkmenistanda halkara dokma sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 11 – 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda (TSSE) “Turkmen Textile Expo 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Onda türkmen dokma pudagynyň soňky gazananlary hem-de halkara hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler tanyşdyrylar diýip, TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sergide dokma senagatynyň tebigy çig maly gaýtadan işlemek, lybas we aýakgap önümçiligi, öý-hojalykda ulanylýan dokma önümler, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeler, boýaglar hem-de bezeg harytlary ýaly dürli ugurlary görkeziler. Sergä gatnaşyjylar dokma senagatynyň geljegini emele getirýän öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary görkezerler.

“Turkmen Textile Expo 2025” halkara sergisi diňe bir Türkmenistanyň dokma pudagynyň mümkinçiliklerini açmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüler. Bu çäre gatnaşyjylara innowasion çözgütleri öwrenmek we hünär tejribelerini alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

“Turkmen Textile Expo 2025” sergisiniň dünýäniň dürli künjeginden kompaniýalaryň, önüm öndürijileriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi