Habarlar / Habarlar
Türkmenistan döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satlyga çykardy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 28 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi.

Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy çarşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Bäsleşikli söwda 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de onuň mobil goşundysy arkaly geçiriler.

Satlyga çykarylýan iri desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, eýeleýän meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, Lebap welaýatyndaky “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkeziniň iki gatly binasy (8 800 in.m) hem-de Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 in.m) bar.

Bäsleşikli söwda şeýle hem hyzmat ediş desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara binalary we önümçilik kärhanalary hödürleniler.

Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňünde tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi barada maslahatlar we hususylaşdyrylýan desgalar barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we bu ministrligiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi