Habarlar / Habarlar
2025: Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradylýar

Şu ýyl Türkmenistandan 2844 zyýaratçy yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri bolan Mekke we Medine şäherlerinde haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystanyna zyýarata ugradylýar. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, 289 adam döwlet serişdeleriniň, galan 2555 adam hem öz serişdeleriniň hasabyna haj zyýaratlaryny amala aşyrarlar diýlip, “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär. 

Zyýaratçylar 8 topara bölünip tassyklanan tertipnama boýunça Saud Arabystanyna ugradylýar. Zyýaratlarynyň dowamynda olar yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri bolan Al-Haram metjidine, Zem-zem çeşmesine zyýarat edip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar. Medine şäherinde bolmaklygyň çäklerinde olar şeýle hem Muhammet pygamberiň metjidine we beýleki dini ýerlere baryp görerler.

Haj zyýaratyna Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinden we Aşgabat şäherinden ýaşaýjylar gatnaşýarlar. Gurban baýramynyň bellenilýän mukaddes günlerinde türkmenistanly zyýaratçylar dünýäniň ähli ýerinden gelen millionlarça musulmanlara goşulyp, Watanyň abadançylygy, türkmen halkynyň agzybirligi we ýurt ýolbaşçylarynyň janlarynyň sag bolmagy üçin dileg-dogalar ederler. 

Haj zyýaratyna gatnaşyjylar din parzynyň ýerine ýetirilmegi üçin döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Zyýaratçylary äkidip getirmek üçin ýörite uçar gatnawlary guralýar. Zyýarat wagtynda oňa gatnaşyjylaryň ýanynda lukmançylyk işgärleri bolarlar. Umuman zyýarat möwsüminiň şowly tamamlanmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. 

Haj möwsümi her ýyl Türkmenistandan müňlerçe zyýaratçyny bir ýere jemleýär. Munuň özi milli däp-dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändigini, dini yrym-ynançlaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Zyýaratçylaryň aýtmagyna görä, mukaddes sapara gatnaşmak üçin döredilýän mümkinçilikler milli däpleri hem-de ynsanperwer gymmatlyklary berkitmek babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde mümkin boldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi