Habarlar / Habarlar
Türkmen we belarus telekeçileri Aşgabatda özara gepleşikleri geçirdiler

24-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) wekilleriniň Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň Minsk şäherindäki şahamçasynyň işewür wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy gieňltmäge gönükdirilen anyk teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ýurtlaryň arasynda diňe bir ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini hem aýdyň tassyklady. 

Şeýle hem şol gün senagat, energetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag-logistika ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan 13 sany özara duşuşyklar geçirildi. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi