Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Ýaponiýa Aşgabatda seýsmiki gözegçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy tamamladylar

Aşgabatda we onuň töwereklerinde seýsmiki gözegçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon başlangyjy möhüm tapgyra ýetirildi: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen halkara maslahatda bu taslamanyň tamamlanandygy yglan edildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

“Betbagtçylyk howpuny peseltmek ulgamynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti” atly maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) arasynda baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde durmuşa geçirilen taslamanyň netijelerine bagyşlanyldy.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwrebap seýsmiki enjamlar getirildi we ornaşdyryldy. Türkmen hünärmenleri bolsa olary ulanmak boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçdiler. Çärä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Sanly seýsmiki gözegçilik ulgamyny hakyky wagt ýagdaýynda işe girizmek gazanylan esasy üstünlikleriň biri boldy. Çalt habar bermäge ukyply 4 sany seýsmometr Aşgabadyň golaýynda ozaldan hereket edýän iki we ýene-de täze iki beketde oturdyldy.

Bilermenler, hususan-da, JICA-nyň wekilleri Ýokoo Fumihiko we Masui Jun adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ulgamyndaky tejribeleri, seýsmiki ýagdaýlara durnukly gurluşykda ýapon inženerçilik çözgütleri bilen paýlaşdy hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda betbagtçylyklaryň howpuny peseltmäge gönükdirilen häzirki taslamalary barada gürrüň berdiler. 

Seýsmiki yrgyldylaryň ýygylygynyň we türkmen gurluşyk düzgünlerini hasaba almak bilen desgalara zelel ýetirijilik koeffisiýentiniň arasynda özara baglanyşygy öwrenmäge aýratyn üns berildi. Binalaryň görnüşlerine geçirilen meýdan seljermeleri geljekki hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistanda seýsmiki taslamalaşdyryş düzgünlerini kämilleşdirmek üçin möhüm binýat bolup biler. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi