Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy haýyr-sahawat festiwalynda milli tagamlary tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 25-nji maýda Yslamabatdaky “Serena” myhmanhanasynda geçirilen “Dünýäniň tagamlary” atly haýyr-sahawat festiwalyna gatnaşdy. Bu çäre diplomatik wekilhanalaryň we myhmanhananyň administrasiýasynyň goldamagynda Yslamabatdaky daşary ýurtly zenanlaryň birleşmesi (IFWA) tarapyndan guraldy diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär. 

Festiwal Amerika, Ýewropa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Olar milli aşhanalarynyň tagamlary bilen tanyşdyrdylar. Türkmen wekiliýeti däp bolan tagamlarynyň giň görnüşlerini görkezdiler. 

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy “Dünýäniň tagamlary” atly haýyr-sahawat festiwalynda, 2025-nji ýylyň 25-nji maýy, Yslamabat, Pakistan (Surat: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

 

Türkmenistanyň ilçihanasy milli medeniýeti we aşhana mirasyny tanyşdyrmak bilen çäräniň geçirilmegine işjeň goldaw berdi. Türkmen aşhanasynyň baý tagam görnüşleri we gaýtalanmajak lezzeti festiwala gatnaşyjylarda hem-de myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 

Çäräni guraýjylar haýyr-sahawat başlangyjyna gatnaşandyklary we beren goldawlary üçin diplomatik gulluklara hoşallyk bildirdiler. IFWA-nyň agzalarynyň nygtaýşy ýaly, restoran medeniýetiniň nusgasyna öwrülen festiwal halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam berip hem-de  haýyrly işlere sebäp bolup biler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi