Habarlar / Habarlar
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.Gerd Müller belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gerd Mülleriň UNIDO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyny aýratyn belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäherine inklýuziw we durnukly senagat ösüşine gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly «akylly» şäheri gurmak babatda goşandy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Minnetdarlyk güwänamasynyň berlendigini kanagatlanma bilen nygtady.Gerd Müller Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň, senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu babatda sebit derejesinde ileri tutýan başlangyçlaryna ünsi çekdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy ekoulgamlary dikeltmekde, sebitiň ekologik taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmini emele getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmagyň halkara hukuk gurallaryny işläp düzmek, şol sanda Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalary taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar.Türkmenistanda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny amala aşyrýar.Gerd Müller ýurdumyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, UNIDO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga strategik taýdan ähmiýetli we uzak möhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny nygtady.Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar