Habarlar / Habarlar
Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Raşad Nabiýew, Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabarow, “Azerbaýjan Demirýollary” Ýapyk Paýdarlar Jemgyýetiniň Başlygy Rowşan Rustamow, “Baku Halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşyklary geçirildi.Duşuşyklarda meseleleriň giň toplumyna garalyp geçildi. Olaryň hatarynda:iki ýurduň arasyndaky bar bolan ulag geçelgeleri ösdürmek; iki ýurduň deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we portlaryň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak hem-de ýük geçirijiligini artdyrmak; üstaşyr geçelgeleri boýunça taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek; iki ýurduň arasyndaky söwdany we haryt dolanşygyny ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, bu babatda Hazar deňziniň mümkinçiligini doly ulanmak.Mundan başga-da duşuşyklarda şu ýylda geçiriljek Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine deslapdan taýýarlyk görmek; iki ýurduň Işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we täze ugurlaryny ýola goýmak; iki ýurduň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek; Aşgabat we Baku şäherlerinde Işewürler forumyny we önümleriň sergisini gurnamaklygyň mümkinçiliklerine garamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Baku Halkara deňiz portyna we Alat erkin ykdysady zolagyna (AFEZ) aýlanyp gördüler we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy