Habarlar / Habarlar
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbede geçirilýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisine gatnaşmak üçin saparda bolýar.Mejlis 2026-njy 3-nji martynda öz işine başlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozodanyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Iň ýokary we hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem garaldy.Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini, özara söwdany ýokarlandyrmagy, ulag we aragatnaşyk, energetika we suw serişdeleri, senagat we gurluşyk, oba hojalygy, bilim we ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk senagaty, raýat awiasiýasy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ýaşlar syýasaty we sport ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle-de, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyň 43,1 ABŞ-niň million dollary möçberinde bolup, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17,1% artandygy nygtaldy. Bu görkeziji iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginli ösýändigini tassyklaýar.Mejlis däp bolan dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.4-nji martda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy