Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Mejlise degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Mejlisiň dowamynda Toparyň 2025-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Zähmet Guramasy, Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen dialogyň ösdürilýändigi bellenildi.Gün tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» ýerine ýetirilişi hem-de onuň möhletiniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.Mundan başga-da, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň hem-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026-2030-njy ýyllar üçin täze Hereketleriň milli meýilnamalarynyň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy.Mejlisiň dowamynda Toparyň işiniň guramaçylyk taýdan kämilleşdirilmegi, milli hasabatlaryň taýýarlanylyşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy