Habarlar / Habarlar
“Azerbaýjan demir ýollary” AGPJ-niň ýolbaşçysy Türkmenbaşy portunyň infrastrukturasy bilen tanyşdy

“Azerbaýjan demir ýollary” (ADY) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) başlygy Röwşen Rustamow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapar edip, portuň bar bolan infrastrukturasy, tehniki mümkinçilikleri hem-de üstaşyr kuwwatylygy bilen tanyşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Portuň direktory Parahat Jumaýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda sebit ýük daşamalaryny ösdürmek, Baku we Türkmenbaşy portlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem çuňlaşdyryş işlerini geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hazar we Gara deňizleriniň arasyndaky baglanyşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýük daşamalarynyň möçberini artdyrýandygy hem-de Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrýandygy bellenildi. Şeýle hem çalt we ygtybarly ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen Ýewraziýa ulag geçelgesiniň çäklerinde portlaryň işini utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar portlarynyň arasynda häzirki zaman we iň uly deňiz portudyr. Portuň umumy meýdany 150 gektardan gowrak bolup, onuň ýyllyk umumy kuwwatylylygy 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük awtoulagy, 400 müň  TEU konteýneri, 3 million tonna ürgün ýükleri we nebit önümleri hasaba almazda 4 million tonna umumy ýükleri geçirmäge ukyplydyr. Deňiz portunda Ýolagçy-parom terminaly, Konteýner terminaly, Umumy ýükler terminaly, Ürgün ýükler terminaly we Polipropilen terminaly bardyr.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi