Habarlar / Habarlar
Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa Hazar arkaly ýük daşamalaryny ösdürmegi ylalaşdylar

Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan we Gruziýa ýük daşamalaryny ösdürmek, amallary sanlylaşdyrmak hem-de Orta geçelgäniň ýagdaýyny seljermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnama gol çekdiler. Bu barada “Azerbaýjan Demir Ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

Bu resminama AZCON Holdinginiň düzümine girýän “Azerbaýjanyň demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamowyň, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň, “Uzbekistan temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýewiň we “Gruziýa Demir Ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidzeniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekildi. Gepleşikler 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Aşgabatda geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda sebitiň esasy üstaşyr ugurlarynyň biri bolan Orta geçelge boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara Transhazar ulag geçelsesi (Orta geçelge) Hytaý, Gazagystan, Hazar deňziniň suwlary, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly geçip, Ýewropa bilen Aziýanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýar. Bu ugur demir ýol we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalary üçin ulanylýar

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy