Habarlar / Habarlar
Özbegistan we Türkiýe Türkmenistandan, Eýrandan üstaşyr konteýner otlularyny ýola goýarlar

Özbegistan bilen Türkiýe Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça yzygiderli konteýner otlularyny ýola goýmak barada ylalaşdy. Bu ylalaşyk Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Ankarada geçirilen Ýokary derejedäki strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň dördünji mejlisiniň dowamynda gazanyldy. Bu barada anna güni Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň dolandyryş müdirliginiň başlygy Amir Sultanowyň beýanatyna salgylanyp, Upl.uz neşiri habar berdi.

Täze ugur Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika zynjyrynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar we ol sebit söwdasynyň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Demir ýol ugrunyň ösdürilmegi eksport ibermelerini çaltlandyrmaga, telekeçilik üçin logistika çykdajylaryny azaltmaga hem-de ýük daşamalarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.

Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ulag geçelgesi Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça başlangyçlaryň hataryna girýär. Bu ugur boýunça ýükleriň daşalmak möhletleriniň deňiz ýoluna garanyňda Süýes kanaly arkaly iki esse gysga bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar. Ýükleriň daşalmak möhletiniň iki esse gysgalmagy bolsa eksport edijiler we logistika kompaniýalary üçin has amatly bolup durýar.

Taslamanyň institusional binýady hökmünde 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň degişli ulag edaralary tarapyndan gol çekilen köptaraplaýyn duşuşygyň teswirnamasy çykyş etdi.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy