Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 müňe golaý adam gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibine ählumumy dolandyryş meseleleri, emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi, howanyň üýtgemegi we ykdysady kynçylyklary çözmäge gönükdirilen utgaşykly çemeleşmeler girizildi.

Sammitiň dowamynda türkmen diplomaty Raşid Meredow “Ählumumy bileleşikleriň geljegi” atly sessiýada çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň çemeleşmesini beýan etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy öz çykyşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk gurallaryny, şol sanda netijeli döwlet dolandyryşyny, bilermen tejribeleriniň alyş-çalşygyny, ulag arabaglanyşygy arkaly ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini açmagy we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy