Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylygy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, 2026-njy ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän, halkara forumlaryň, maslahatlaryň we sergileriň geçirilmegi üçin niýetlenen desgalara baryp gördi. Infrastruktura desgalarynyň taýýarlyk derejesi, toplumlaryň binagärlik keşbi, meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy hem-de tehniki üpjünçiligi esasy üns merkezinde boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow çäreleriň ýokary derejede, halkara ülňülerine laýyklykda gurnalmalydygyny, sanly çözgütleriň, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda taýýarlyk işleriniň depgininiň güýçlendirilmeginiň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň peýdalanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Soňra degişli ýolbaşçylar desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary, 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda halkara forumyň geçiriljek binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy hem-de gurluşyk we bezeg işleriniň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler. Taslamalaryň amala aşyrylmagy bellenilen möhletlere we hil talaplaryna laýyklykda ýerli gurluşyk kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sergi meýdançalarynyň taýýarlygyna aýratyn üns berip, onuň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri we türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny görkezýän platforma öwrülmelidigini belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip,  sebitdäki ulag we energetika infrastrukturasynyň desgalary bilen tanyşdy.

Hazar deňziniň gündogaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr daşlykda ýerleşýär. Bu syýahatçylyk zolagynyň ilkinji desgalary 2009-njy ýylyň iýunynda açylyp ulanmaga berdildi.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy