Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylygynda Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Oguljahan Atabaýewa “Doha” forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Oguljahan Atabaýewa öz çykyşynda nesliň ahlak taýdan terbiýelenmäge, ýurdumyzda mSaparyň çäginde Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými, bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater, şeýle-de Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşykda taraplar ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, bilim başlangyçlaryny hem-de 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Doha” forumy 2025-nji ýylyň 6-njy dekabyrynda Katar Döwletiniň paýtagtynda döwlet emiri Şeih Tamim bin Hamad Al-Taniň gatnaşmagynda öz işine başlady. Oňa döwlet Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we ýokary derejeli diplomatik wekiller gatnaşdylar.illi maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, hem-de çagalaryň bilim, lukmançylyk kömegi we beýleki serişdeler bilen deň mümkinçiliklerde üpjün edilmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

 

Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkar...
Türkmenistanyň gämi gurluşygynda täze döwür: “Gadamly” ilkinji halkara ýüzüşinde
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝ...
«GADAMLY» GURY ÝÜK GÄMISINIŇ DABARALY AÇYLYŞY MYNASYBETLI HOŞALLYK ÝÝGNAGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga be...
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarara gatnaşdy
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi