Habarlar / Habarlar
"Dragon Oil" Türkmenistanda 468 million barrel nebit çykardy

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 25 ýylynyň dowamynda "Dragon Oil" kompaniýasy 468 million barrel nebit çykardy diýip, ENOC we "Dragon Oil" kompaniýalarynyň başlygy Saýed Mohammed Al Taýer çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahatynda belledi.

Al Taýeriň bellemegine görä, kompaniýa Türkmenistandaky taslamalaryna degişli döwürde 11 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.

“Dragon Oil” Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Hazar deňzinde, hususan-da, Çeleken şertnamalaýyn zolakda uglewodorod serişdelerini gazyp almak kompaniýanyň alyp barýan esasy iş ugrudyr.

2024-nji ýylda “Türkmengaz" döwlet konserni bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm tapgyry boldy. Bu resminama taraplaryň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blok ýaly täze nebit ýataklaryny bilelikde ösdürmek maksadyny berkidýär. 

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi 24-nji oktýabra çenli dowam eder.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy