Habarlar / Habarlar
BMG-de “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistana hoş habar gelip gowuşdy. Ol 14-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habardyr. Bu Kararnama şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri beýan edilen Awaza syýasy Jarnamasy bilen baglylykda kabul edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynda bu hoş habary döwlet Baştutanyna ýetirip, tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisde Hökümet agzalaryna ýüzlenip, BMG-niň bu Kararnamany kabul etmeginiň awgust aýynda Awazada ýokary derejede geçirilen maslahatyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýandygyny nygtady. 

“Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köpsanly ýurtlaryň awtordaş bolup çykyş etmegibiziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hoş habar bilen gutlady.

Maglumat üçin belläp geçsek, şu ýylyň awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin 104 döwletden, 46 halkara guramadan wekiliýetler Awaza sapar bilen geldiler.

BMG-niň maslahatynyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, forumlaryň 7-si hem-de ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy, şeýle-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 – 2034-nji ýyllar boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasy kabul edildi.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy