Habarlar / Habarlar
Тürkmenistanyň we BAE-nyň wekilleri GITEX Global-2025 sergisinde sanly hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Dubaýda geçirilen halkara tehnologiýa sergisi we maslahaty “GITEX Global 2025”-e (13-16-njy oktýabr) gatnaşdy. BAE Telekommunikasiýa we sanly döwlet dolandyryş ulgamyndaky düzgünleşdiriş agentliginiň (TDRA) çakylygy boýunça guralan sapar, Emirlikleriň sanly özgertmeler tejribesini öwrenmäge gönükdirildi.

Türkmen wekilleri BAE-niň täze sanly başlangyçlary bilen tanyşyp, Esasy hökümet pawilýonyna, şeýle hem TDRA we Digital Dubai-niň stendlerine baryp gördüler, telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribelere üns berdiler.

Esasy pursat, Emirlik düzümleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Dubaýyň maglumatlar we statistika merkeziniň baş direktory Ýunus Al Naser we TDRA-nyň baş direktory Majit Sultan Al Mesmar bilen resmi gepleşikler boldy.

Taraplar maglumat dolandyryşy we bulut tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we sanly döwlet hyzmatlaryny ösdürmek, şeýle hem ýokary hünärli IT-hünärmenlerini taýýarlamak ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dialogy ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapy Digital Dubai we TDRA-nyň wekiliýetlerini 12-14-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek "Türkmentel-2025" halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Forumyň çäklerinde sanly hökümet we kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek teklip edildi. Emirlik tarapy tejribe alyşmaga we sanly innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny bildirdi.

Çeşme: THP

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy