Habarlar / Habarlar
CNPC Bagtyýarlyk gaz ýataklarynyň ösdürilmegine $9,4 milliard maýa goýdy

Sebitiň iň abraýly energetika forumlarynyň biri boljak “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk komiteti 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýubileý çäresiniň platina hemaýatkäri hökmünde Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) çykyş etjekdigini yglan etdi.

“CNPC” kompaniýasy Türkmenistanda öz işine 2002-nji ýylda nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýmak we inžener-tehniki hyzmatlaryny üpjün etmek arkaly başlady.

2007-nji ýylda “CNPC” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama we tebigy gazy uzak möhletleýin ibermek hakynda şertnama baglaşyldy. Şol ýylda kompaniýa Amyderýanyň sag kenaryndaky ýataklary senagat taýdan özleşdirmäge girişdi.

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi Samandepe, Altyn Asyr we beýleki ýataklary öz içine alyp, “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny ibermegiň esasy çeşmesi boldy.

Metbugat maglumatlaryna görä, taslamanyň çäklerindäki “CNPC” kompaniýasynyň umumy maýa goýumlary 9,4 milliard ABŞ dollaryndan geçýär.

2024 – 2025-nji ýyllarda “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmäge işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şonda önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägindäki gazy gaýtadan işleýän zawod – GGIZ-2-ni giňeltmäge; kompressor rotorlaryny abatlamaga we olara hyzmat etmäge; desgalaryň ygtybarlylygyny we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin önümçilik netijeliligini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Bu başlangyçlar “CNPC” kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika düzümini döwrebaplaşdyrmagy goldamaga we onuň tehnologik binýadyny pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny görkezýär.

[…]

Çeşme: TDH

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy