Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Russiýa hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşygy iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini görkezýär.

Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi (Surat: government.ru)

 

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ünsi çekdiler.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler. Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, nobatdaky türkmen-rus gepleşikleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar boýunça gol çekilen resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdiriler. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli ugurlar boýunça bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Çeşme: TDH

CNPC Bagtyýarlyk gaz ýataklarynyň ösdürilmegine $9,4 milliard maýa goýdy...
CNPC Bagtyýarlyk gaz ýataklarynyň ösdürilmegine $9,4 milliard maýa goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti "Daewoo" kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti "Daewoo" kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türki döwletleriň raýatlaryna Türkiýede erkin zähmet çekmäge mümkinçi...
Türki döwletleriň raýatlaryna Türkiýede erkin zähmet çekmäge mümkinçilik döredildi
Türkmen wekiliýeti Osakada “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň ýapyly...
Türkmen wekiliýeti Osakada “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň pawilýony EXPO 2025-de iň köp barylýan pawilýonlaryň üç...
Türkmenistanyň pawilýony EXPO 2025-de iň köp barylýan pawilýonlaryň üçlügine girdi
Ýanwar-iýun: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1...
Ýanwar-iýun: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,2 milliarddan geçdi
Türkmenistan we Russiýa “Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini” işe...
Türkmenistan we Russiýa “Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini” işe girizdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
TDHÇMB "Şahsy otag" ulgamyny netijeli ulanmak boýunça okuw sapagyny geçirer...
TDHÇMB "Şahsy otag" ulgamyny netijeli ulanmak boýunça okuw sapagyny geçirer
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilme...
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilmegi maslahatlaşyldy