Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen ylalaşyk taslamasyny maslahatlaşdy

Brýusselde geçirilen ikinji  “Global Gateway 2025” forumyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Forumda dünýä derejesindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de durnukly infrastruktura ulgamyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň meýilnamasy boýunça dürli ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary, şeýle-de energetika, ulag, sanly ösüş we senagat bäsdeşligi barada aýratyn sessiýalar gurnaldy.

Forumy Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy. Çykyş edenleriň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas hem boldy. Forumy Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jozef Sikela jemledi. 

Forumyň çäklerinde birnäçe panel maslahatlary we iş sessiýalary geçirildi. Şolaryň arasynda “Global Gateway” maksatnamasynyň ileri tutulýan taslamalaryny giňeltmek boýunça aýratyn bölüm hem boldy. Bu ýerde esasy üns Merkezi Aziýada gidroenergetika mümkinçiliklerini artdyrmaga, ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge hem-de “ýaşyl deňiz geçelgelerini” döretmäge berildi. Maliýe serişdelerini giňeltmek nukdaýnazaryndan “Ýewropa topary” (Team Europe) we beýleki hyzmatdaşlar halkara ösüş banklary, hususan-da Ýewropanyň maýa goýum banky (EIB) hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) bilen gatnaşyklary giňeltmek kararyna geldiler. Şeýle-de Merkezi Aziýanyň energetika taslamalaryna goýumlary artdyrmak mümkinçiligi aýratyn bellenip geçildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Ýewropa maýa goýum bankynyň (EIB) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amaly ugurlary, ýurt boýunça ylalaşyk taslamasy hem-de Ýewropa maýa goýum bankynyň wekilleriniň Awazada geçirilen LLDC3 maslahatyna gatnaşmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. EIB bilen gatnaşyklary giňeltmek Forumyň ileri tutulýan ugurlary bilen laýyk gelýär. Bu hyzmatdaşlygyň maksady “Ýewropa topary” we halkara maliýe guramalary arkaly energetika hem-de infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny artdyrmakdyr. 

Forumyň ilkinji gününde Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jozef Sikelanyň ýolbaşçylygynda iş agşamlygy geçirildi. Oňa foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylary bilen häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Global Gateway 2025” forumyna gatnaşmagy durnukly infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu forum Ýewropa Bileleşiginiň guramalary we halkara maliýe institutlary bilen göni iş gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy