Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary bilen tanyşdyrdy

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Brýusselde energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň dialogyna gatnaşmagy üçin iş sapary guraldy. Saparyň maksady durnukly energetikany ösdürmek, öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşmak we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boldy. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapyndan goldanýan “EURECA”taslamasynyň çäginde geçirildi, maksatnama bolsa tematik duşuşyklary, tehniki saparlary we energetika syýasaty boýunça sebitleýin dialogy öz içine aldy.

Türkmenistandan Energetika ministrliginiň üç wekili gatnaşdy. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary hem degişli edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen çykyş etdiler.

10-njy oktýabrda Brýusselde GIZ-iň edarasynda Merkezi Aziýanyň energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we GIZ-niň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk boldy. Duşuşykda sebitiň energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýany ornaşdyrmak, bazar çemeleşmelerini utgaşdyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň açylyşynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň energetika ýurdy hökmünde sebitde energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir wagtda arassa energiýany ösdürmäge aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan gibrid gün-ýel elektrik bekediniň işe girizilmegi we 300 MWt kuwwatly gün elektrik bekediniň gurluşygyna taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Arkadag şäherinde we beýleki ýerlerde “akylly” çözgütleriň ornaşdyrylýandygy bellendi. Ilçi GIZ bilen hyzmatdaşlygyň we hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetine hem ünsi çekdi.

Brýusselde şol bir wagtda “Global Gateway 2025” forumy geçirildi. Forumda Merkezi Aziýanyň gidroenergetika mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky sessiýada Türkmenistanyň wekilýeti hem çykyş etdi. Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleri we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy Ýewropa hyzmatdaşlary we halkara maliýe guramalary bilen ýaşyl energetika we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sapary ýokary derejede gurandyklary üçin GIZ we EURECA taslamasynyň toparyna minnetdarlyk bildirdi.

Jemgyýet Aşgabatda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy...
Jemgyýet Aşgabatda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 mi...
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 93 milliard manada golaýlady
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklary...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklaryny hem-de awtoulaglary gowşurdy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” a...
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly medal bilen sylaglandy
BMG Türkmenistanyň global dialogy öňe sürmekdäki liderligine ýokary baha ...
BMG Türkmenistanyň global dialogy öňe sürmekdäki liderligine ýokary baha berdi
Ykdysadyýet Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär...
Ykdysadyýet Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz por...
"Suvari Shipping" kompaniýasy agyr senagat enjamlaryny Türkmenbaşy deňiz portuna getirdi
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy...
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy
Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy
Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy açyldy
Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy