Habarlar / Habarlar
Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu hünär baýramçylygy mynasybetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda "Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi" atly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem şanly senä gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin niýetlenen täze döwrebap köpriniň açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 18-nji maýy, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

 

Şunuň bilen bir hatarda, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki medeni çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy