Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Germaniýada milli ykdysadyýetiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar

2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri» atly giň gerimli işewürlik çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.

Iki günlük meýilnamanyň çäginde Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurdyň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän giň gerimli bilermenler toparyny özünde jemlär.

Ösen tehnologiýalar we innowasiýa çözgütleri bilen tapawutlanýan Germaniýa bilen, senagat kuwwatyny işjeň ösdürýän we maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan, strategik ähmiýete eýe bolan aşakdaky ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär:

  • Maliýe we bank hyzmatlary;
  • Saglygy goraýyş we derman senagaty;
  • Söwda;
  • Ulag we aragatnaşyk;
  • Nebit-gaz we nebit himiýa senagaty
  • Oba hojalygy;
  • Dokma we ýeňil senagaty.

Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder. Bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäni alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berler.

Çäräniň guramaçylary ähli işewür hyzmatdaşlary, maýadarlary we hünärmenleri Germaniýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine işjeň gatnaşmaga, üstünlikli hyzmatdaşlyk ugrunda berk binýady döretmäge we täze mümkinçilikleri amala aşyrmaga çagyrýarlar.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy