Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Gruziýa hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça departamentiniň başlygy N.Komahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky mümkinçiliklerine garap geçdiler. Däp bolan dostlukly we konstruktiw häsiýete eýe bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, ynam hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem Ilçi şu ýylyň dekabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary derejede halkara forumynyň geçirilýändigi barada N.Komahidze habar berdi.

Tarapalar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde aýratyn ornunyň bardygyny nygtamak bilen, şu ýylyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iki gezek sapar bilen barandygyny bellediler.

Saparlaryň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň duşuşyklary bolup geçdi. Şeýle-de iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň arasynda hem duşuşyklar geçirildi. Bu saparlar özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň wajyp meýdançasy bolup hyzmat edýär, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnamanyň çarçuwasynda konsullyk we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Söhbetdeşler konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda özara hereketleriň depginini güýçlendirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Döwlet Gullugynyň Zenanlary Bahar B...
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Döwlet Gullugynyň Zenanlary Bahar Baýramyny Dabaralandyrýarlar
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ...
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Türkmenistanyň Deňiz-Derýa Ulaglary Pudagy: Milli Ösüşiň we Global Logis...
Türkmenistanyň Deňiz-Derýa Ulaglary Pudagy: Milli Ösüşiň we Global Logistikanyň täze belentlikleri
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sanly ulgamlary we ekologiýa standartlary...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sanly ulgamlary we ekologiýa standartlaryny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara yns...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy...
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy
Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyşy geçirildi
Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk amaly ýerine ýetiriş...
Türkmenistan bilen ESKATO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk amaly ýerine ýetiriş tapgyryna geçýär
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleş...
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleşik okuw merkezini açdy