Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda Golestan welaýatynyň harytlarynyň sergisi geçiriler

Eýranyň Golestan welaýatynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirilenden soňra, Golestan welaýatynyň hökümeti Türkmenistanda öz harytlarynyň sergisini geçirmegi meýilleşdirýär diýip, welaýatyň häkiminiň orunbasary Abdul Ali Kian Mehr belledi. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Geljekki iki–üç aýyň içinde geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre Aşgabat şäherinde ýa-da Balkan welaýatynda guralar we ikitaraplaýyn ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolar.

Welaýatyň häkiminiň orunbasarynyň bellemegine görä, sergi söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we özara söwdanyň möçberini 30 göterim artdyrmaga mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, serhetýaka infrastrukturanyň ösdürilmegi hem-de Eýran bilen Türkmenistanyň söwda-senagat edaralarynyň bilelikdäki tagallary durnukly ykdysady hyzmatdaşlygyň we sebitleýin integrasiýanyň binýadyny döredýär.

Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 5–7-nji maý aralygynda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlarynyň giň möçberli sergisi geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy