Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Ukraina işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

29-njy sentýabrda Kiýewde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Mişenko bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen kärhanalarynyň Ukrainanyň bazarynda, ukrain kärhanalarynyň bolsa Türkmenistanda iş alyp barmaklary üçin goldaw bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy geňeşmeleriň geçirilmegine degişli tekliplere aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly häsiýete eýedigini nygtap, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Mişenko, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň adyndan Gutlag hatyny Toýly Ataýewe gowşurdy.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy