Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we IGNFІ kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Eiji Hosoi hem-de Fransiýanyň IGNFІ kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Duşuşyklar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklarynyň çäklerinde geçirildi.

Myhmanlar döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ugurda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Eiji Hosoi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtap, bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi. Mysal hökmünde bolsa “Toyo Engineering” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Gyýanlyda gurlan gazhimiýa toplumyny görkezdi.

Türkmenistana ilkinji gezek gelen Oliwýe Delumo bolsa türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň onda aýratyn täsir galdyrandygyny aýdyp, IGNFІ kompaniýasynyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak hem-de bu ugurda sanly çözgütleri ornaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen, aýratyn-da tejribesi we innowasion çözgütleri bolan hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hemişe açykdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti iki kompaniýanyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, senagat we oba hojalyk ulgamlarynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle başlangyçlaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitjekdigine hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. 

“Toyo Engineering” — dünýäniň dürli künjeklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrýan Ýaponiýanyň öňdebaryjy inženerçilik kompaniýasydyr.

IGNFІ — ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny seljermek, ekerançylykda innowasion usullary ornaşdyrmak hem-de oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşýän öňdebaryjy fransuz kompaniýasydyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy