Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy we Awstriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-a iş saparynyň dowamynda sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen bolan duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Söhbetdeşlikde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Hususan-da, TOPH gaz geçirijisi hem-de Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy.

Serdar Berdimuhamedow Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Awstriýanyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabry, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Aleksandr Wan der Belleniň X sahypasy)

 

Awstriýanyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen geçirilen duşuşykda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar we ikitararaplaýyn  hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň etdiler.

Şeýle hem Tütkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy