Habarlar / Habarlar
Pakistan Türkmenistan bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmäge taýýar

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap "Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda Pakistanyň Türkmenistan bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmäge taýýardygyny belläp geçýär.

Onuň sözlerine görä, yzygiderli howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy söwda, syýahatçylyk we medeni gatnaşyklary ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar. Bu ýol arkaly türkmenistanlylar Karaçi we Gwadar portlaryna, şeýle hem Günorta Aziýanyň bazarlaryna has gysga wagtda baryp bilerler.

Diplomat göni howagatnawlarynyň dikeldilmegi çalt zaýalanýan önümleri daşamakda uly mümkinçilik berjekdigini, bilim, saglyk we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

“Päkistandan Aşgabada iki sagatlyk howa gatnawy pakistanly syýahatçylara “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa, Hytaýa, Ýewropa we Aziýa–Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryna barýan gatnawlaryna amatly çykalgany açar” diýip, Farýal Legari belledi.

Diplomat Pakistanyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwletleriň biri bolandygyny hem-de onuň syýasat, ykdysadyýet we energetika ugurlarynda ynamdar hyzmatdaş bolup galýandygyny belläp geçdi. Ol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalaryny, şeýle hem dokma söwdasy, logistika, bilim we atçylyk boýunça bilelikdäki başlangyçlary mysal hökmünde görkezdi.

Farýal Legari geljekde meýilleşdirilýän ýokary derejeli saparlaryň, şol sanda Pakistanyň Premýer-ministriniň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna gatnaşmak üçin amala aşyrjak saparynyň iki döwletiň arasyndaky taryhy taýdan ýakynlygyna hem-de umumy strategiki maksatlaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine umyt bildirdi.

2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat Halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula täze açylan ugur boýunça ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Uçuşy ýurduň “Türkmenistan” milli awiakompaniýasy amala aşyrdy.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy