Habarlar / Habarlar
Günorta Koreýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini “Merkezi Aziýa–Koreýa” sammitine çagyrdy

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda, 2026-njy ýylda Günorta Koreýada geçiriljek “Merkezi Aziýa – Koreýa” sammitiniň çäklerinde türkmen Lideri bilen duşuşmaga, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça has giňişleýin pikir alyşmalaryň geçirilmegine garaşýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Koreýa döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligini ýatlap, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlany bäri Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, 2008-nji ýyldan başlap bolsa hyzmatdaşlygyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyny nygtady.

Li Çže Mýon, Seuluň Merkezi Aziýadaky möhüm hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň ornuny belledi hem-de koreý kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalarynyň ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy awgustda telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýony 12-nji dekabrda Aşgabada geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Forum Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralar.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy